Dark
Light
26.12.2025
bitara parahat THE ASHGABAT TIMES

Döwrüň parahatçylyk taglymaty

02.11.2025

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan şu ýylynda ýurdumyz uly üstünliklere, ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda dünýä derejesinde gazanylýan belent üstünlikler bolsa toý serpaýydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berilýän desgalar, ajaýyp binalar halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň parahatçylyk ýoly bilen barha öňe barýandygyny, beýik ösüşlere eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä ýurtlary, abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şonuň ýaly-da, umumadamzat bähbitli başlangyçlary teklip edip, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinden hoş habaryň gelmegi ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagydyr. Bu beýik başlangyçlar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyndan, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesinden gözbaş alýar.

Türkmen halky özüniň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen turuwbaşdan halkara gatnaşyklary ulgamynda parahatsöýüji, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistan döwletimize hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi bolsa, biziň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň ykrarnamasy boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy taryhy mejlisinde 193 döwletiň ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi bu taryhy sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşdyryjylygyň we dostlugyň mekanyna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda birnäçe taryhy işler amala aşyryldy. Ýurdumyz sebitde, galyberse-de dünýäde parahatçylygy goraýjy, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanaldy.

Ýazberdi AKYMMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim talyplar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

bedew taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Atçylykda genetika: däpler we täze tehnologiýalar

Soňkylar Makalalar

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

23.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

23.12.2025
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk

Himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri

23.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda himiýa senagaty hem döwrebap ösdürilip, Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
GitTop