Dark
Light
05.02.2026
gyz edep terbiye THE ASHGABAT TIMES

Edep bilen bagt tapylar

30.11.2025

Ata-babalarymyzyň bize galdyran ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda, ýagny halk döredijiligi eserleriniň iň esasylarynyň biri hem nakyllardyr. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden şu günki günlere çenli gelip ýeten ruhy baýlygydyr, edep-terbiýe mekdebidir. Nakyllar ýaş nesillere öwüt-ündew, terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir, çünki olaryň edepli, tertipli, abraýly, ilhalar adam bolup ýetişmeginde ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak oňyn netije berýär.

Ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine görä, başarsaň başgalara ýagşylyk etmeli, çünki ýagşylyk eden, hoşgylaw adam hiç haçan ýatdan çykmaýar. Ol hemişe alkyş alyp gezýär. Şonuň üçin biziň ata-babalarymyz: «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Ýagşy adamda ýagşy ýüz», «Ýagşylaryň söhbedinde işigem bir tördür», «Ýagşy söz baldan süýji», «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen ýaly nakyllary döredipdirler.

Edep-terbiýe barada ata-babalarymyz ençeme nakyl döredipdirler. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyla görä, çagany näçe gowy görseňem, kiçiliginden başlap, hatda dil bitmezinden öňünçä oňa edep öwredip başlamaly. Edepli çaga ähli ýerde özüni tertipli alyp barmagy başarýar. Perzendiň edepli bolmagy üçin ata-babalarymyz öz çagalaryna hemişe diýen ýaly söz bilen täsir edip durupdyrlar. Şonuň üçin «Edep başy — dil», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Edepli ile ýarar» diýen ýaly nakyllar döräpdir.

Edep-terbiýe babatdaky nakyllaryň gyz maşgalalara degişlileri hem köp ulanylýar. Zerur bolsa, köplenç ýagdaýda çaganyň ene-atasynyň kimdigini, maşgala ýagdaýlaryny, olaryň jemgyýetdäki ornuny we at-abraýyny öwrenipdirler. «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Ata kesbi — ogla halal», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al» diýen ýaly nakyllaryň üsti bilen çaganyň, ýetginjegiň edep-terbiýesine baha beripdirler.

Suraý KULLYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nusay THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nusaý – taryhyň şöhratly şäheri

emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreler barada aýdyldy

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop