Jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň özara sazlaşygynyň saklanylmagy adamzadyň durnukly geljeginiň girewidir. Häzirki wagtda ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde, tebigaty aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmakda dünýä ähmiýetli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşi beýan edilýär. Olaryň arasynda ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi hem bar. Şunda tebigata aýawly çemeleşmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmagyň döwletimizde ileri tutýan esasy ugurlaryň biridigini bellemek gerek.
Ekologiýa abadançylygyny berkitmek, daşky gurşawy gorap saklamak bütin adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir. Şu jähetden, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça täzeçil çemeleşmelere aýratyn orun degişli bolup, bular boýunça hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn gurallaryny döretmäge uly ähmiýet berilýär. Bu babatda ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dünýä ähmiýetli ekologik başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly käbir teklipleri öňe sürmegi aýratyn buýsandyryjydyr.
Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Şunda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürelmegini şertlendirip, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň mähriban topraga bolan söýgüsini artdyrýar.
Görnüşi ýaly, ata Watanymyzda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşky gurşawy goramak, ekologiýany abadanlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ekologik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Serdar ANNAMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň uly mugallymy.