energettika diplomatiyasy THE ASHGABAT TIMES

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär

21.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň institutymyzyň mugallymlaryndan ybarat wekiliýetiň Malaýziýa amala aşyran iş sapary hem bu pudagy durnukly ösdürmekde tejribe alyşmak, dostlukly ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tenaga milli uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Dünýäde uly energetiki kuwwata eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän, sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini deň tutmaga esaslanýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge çalyşýar. Bu günki gün türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň barha pugtalanýandygyny, bu pudakdaky iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini dolulygyna subut edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň milli uniwersitetiniň işewürlik mekdebi tarapyndan guralan «IEBMC 2025» halkara maslahaty emeli aňyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine we bu ugurdaky işewürlik tejribesine täsirini öwrenmekde özboluşly meýdança öwrüldi. Bu maslahat «Emeli aňa esaslanýan durnukly ösüş strategiýalary: innowasiýalary ählumumy maksatlar bilen sazlaşdyrmak» atly mowzuga bagyşlandy. Onuň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň oňyn täsirini öwrenmek bilen bagly meseleler öňdebaryjy alymlar, bilermenler hem-de pudagyň hünärmenleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jemläp aýdanyňda, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäginde guralan forum energetika pudagynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mig 6172 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar baýragy – 2025 (pursatlar)

gazak kon THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-gazak dostluk konserti guraldy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop