kitap bar THE ASHGABAT TIMES

Fantaziýa söýüjileriň kitaphanasynda bolmaly kitaplar

30.11.2025

Dürli düzgünleri bolan beýleki ýurtlara syýahat etmek käwagt meditasiýa, käte-de bolsa täze başdangeçirme üçin bilet diýmekdir. Fantaziýa kitaplary hem endik ýaly täsir edýär. Eger-de eliňizde okap başlan kitabyňyz ýok bolsa, sanawymyzdaky bu kitaplara göz aýlap bilersiňiz:

«The Lord of the ring» –  J.R.R.Tolkien. Oksford uniwersitetiniň professory filolog J.R.R.Tolkien tarapyndan 1954-nji ýylda ilkinji gezek neşir edilen bu kitapda dünýämizdäki duş gelýän dürli fizika kanunlary bar. Beýleki jynslary we beýleki dilleri döredip bilýän rowaýata öwrülen awtoryň «Ýer togalagy» häzirki döwürde gaty meşhur. Bu meşhurlygyň köpüsi aslynda filmlerden gelip çyksa-da, kitap okanyňyzda gaty üýtgeşik duýgyny alýandygyňyz hakykat. Bu kitaplar Tolkieniň 1937-nji ýylda çagalar üçin ýazan «Hobbit» eseriniň dowamydy, ýöne olar has meşhur boldy. Kitaphanaňyzda bu kitap ýok bolsa, hökman alyň!

«Galaxy Series» – Duglas Adams. Aslynda, radio oýny hökmünde öndürilen bu eser köpleriň ünsüni özüne çekenden soňra kitaba öwrüldi. Hyýallary özüne çekýän bu eser ýaşaýan planetasyndan kanagatlanmaýan we älemiň beýleki planetalaryna syýahat etmek isleýänlere maslahat berlip bilner. Durmuşyň maksadyny sorag edýänlerden biri bolsaňyz, hökman şu kitaby almalysyňyz. Sebäbi gözleýän zatlaryňyzy sahypalaryň arasyndan tapjakdygyňyza ynanýarys.

«American Gods» – Neil Gaiman. Bu kitap iman bilen modernizmiň arasyndaky uly gapma-garşylyk hakynda. Eger-de siz mifologiýany halaýan bolsaňyz, kitapdaky gahrymanlar bilen tanyşmak siziň üçin diýseň gyzykly bolup biler. Neil Gaimanyň bu kitaby dürli kategoriýalarda iň oňat ylmy fantastika we fantaziýa eserlerini berýän «Gýugo» baýragynyň we fantaziýa we ylmy fantastika jemgyýetiniň iň abraýly baýraklaryndan biri bolan «Nebula» baýragynyň eýesidir.

«Earthsea» – Ursula K.Le Guin. Bu eser 2018-nji ýylyň ýanwarynda aradan çykan Ursula K.Le Guiniň iň söýgüli eserleriniň biridir. Kitapda jadygöýleriň mekdebine gidýän we güýçli jadygöý bolmak isleýän oglanjygyň hekaýasy beýan edilýär.

«Good omens» – Neil Gaiman & Terri Pratşett. Ajaýyp başdangeçirmeleri we dawa-jenjelleri halaýanlary özüne çekýän bu eser, iki weteran ýazyjynyň eseridir. Bu roman hakynda köp zat aýdyp oturmagyň ýerine, özüni okamaklygy maslahat bermek has makul.

«Harry Potter» – J.K.Rowling. Ýazyjy bu eseriniň üsti bilen ýaşlaryň we uly ýaş toparynyň arasynda jadyly dünýä döretdi. Şeýle hem bu kitaby iň köp satylanlaryň sanawyny sarsdyran we fantastiki edebiýaty dünýäde meşhur eden kitap hökmünde kesgitläp bileris. Bir seretseň çagalar romany ýaly bolup görünse-de, aslynda, ähli ýaş toparlaryny özüne çekip biljek meselelere degýär. Bu kitaby birnäçe ýyllaryň dowamynda yzly-yzyna okap bilersiňiz. Kitaby her gezek okanyňyzda sizi özüne çeker. Kitaphanaňyza miras galan eser goşmak isleseňiz, hökman bu kitaby satyn almagyňyzy maslahat berýäris!

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
guyz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Näme üçin güýzde ýapraklar reňkini üýtgedýär?

uky rahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýagtylykda uklamak howplumy?

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop