Dark
Light
24.01.2026
germaniya ykdysady forum THE ASHGABAT TIMES

Frankfurtda Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçirildi

04.11.2025

2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri üstünlikli geçirildi. Munuň özi ýewropaly maýadarlara döwletimiziň giň gerimli mümkinçiliklerini açyp görkezmegiň möhüm pursadyna öwrüldi.

Ykdysadyýet günleriniň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň çykyşlary diňlenildi. Mowzuklaýyn mejlislerde, B2B hem-de B2G görnüşli duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ulag-logistika geçelgelerini, energetika hyzmatdaşlygyny, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, sanly özgertmeler, elektron hökümet ulgamyny ösdürmek ýaly ugurlarda netijeli pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda, «Ojar Aziýa» we «John Deere» kompaniýalarynyň hemaýatkärliginde Maýn boýundaky şäherde geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri «TMT Consulting Group», «Ojar Aziýa», «Ýaş Syýahat», «Eminli maslahat», «Döwrebap ulag merkezi» ýaly hususy düzümleriň öňdebaryjy german kompaniýalary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekmegi bilen jemlendi. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

neftegaz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nebit-gazly Watanym

konsert THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Dünýäniň owazlary» atly konsert guraldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop