Paýtagtymyzyň «Köpetdag» futzal topary nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky topar Naýbaşy liganyň ýakynda tamamlanan möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň 15-sinde ýeňiş gazanyp, ýokary derejedäki oýnuny başdan-aýaga saklap galmagy başardy. Şeýlelikde, möwsümiň ahyryna çenli 46 utuk toplan topar iň ýakyn bäsdeşinden 9 utuk ara açyp, nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy.
Futzal boýunça Naýbaşy liganyň 20 tapgyrdaky 60 duşuşygy Aşgabat, Türkmenbaşy we Mary şäherlerinde geçirildi. Çempionlyk üçin göreşe «Köpetdag», Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi», Änew şäheriniň «Ahal», Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň «Senagatbank», Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa» we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň TNGIZT toparlary goşuldy.
20 duşuşykda garşydaş derwezelere 120 pökgi geçiren «Köpetdag» futzal topary ýene bir gezek altyn medalyň eýesi boldy. Naýbaşy liganyň çempionlygy topara öňümizdäki möwsümde yklym ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik etmek mümkinçiligini berdi. Ilkinji duşuşyklarda garaşylanyndan pes netije görkezen hem bolsa, Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» topary möwsümiň ahyryna çenli 37 utuk toplap, ikinji orna çykmagy başardy. Üçünji orny bolsa ligada ilkinji gezek ýaryşan «Ahal» topary eýeledi.
«THE ASHGABAT TIMES».