Dark
Light
27.12.2025
parahat abadancylyk THE ASHGABAT TIMES

Gadymyýetden gözbaşly bitaraplyk ýörelgeleri

25.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi has-da belende galýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Barha dabaralanýan Bitaraplyk syýasatymyz halkyň ýoluna — pederlerimiziň milli ýörelgelerine esaslanýar. Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Hemişelik Bitaraplyk — asyrlar aşan gatnaşyklaryň altyn derwezesi. Bagtyýarlyk döwrümizde milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz mazmun taýdan has-da çuňlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly halkara gurama ýurdumyz bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini esaslandyrdy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Öz nobatynda, bular ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň goralmagy we umumadamzat ösüşiniň üpjün edilmegi babatdaky tagallalaryna berlen ýokary bahanyň aýdyň nyşanydyr.

Bitaraplygyň türkmen nusgasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Güldäne AHMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary  başlandy

bitarap taze 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – dünýä ähmiýetli gymmatlyk

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop