Dark
Light
27.12.2025
bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti wagyz edilýär

24.11.2025

Häzirki wagtda şanly ýylymyzyň şygarynyň many-mazmunyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini ýaş nesillere giňişleýin düşündirmek, degişli wagyz-nesihat işlerini guramak boýunça ýurdumyzyň orta mekdeplerinde dürli mazmunly duşuşyklar yzygiderli geçirilip, olara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp, şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, umubilim berýän orta mekdeplerde Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklarynyň guralmagy möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr we talyp ýaşlary hem paýtagtymyzdaky bilim ojaklarynda dürli mazmunly duşuşyklary geçirýärler.

Duşuşyklarda şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi, geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe, Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlere, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mekdep okuwçylary bolsa özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, türkmen Bitaraplygy we onuň ähmiýeti bilen bagly düşünjelerini has-da berkidýärler. Şeýle mazmunly duşuşyklar ýaş nesliň syýasy aň-düşünjesini artdyrmak bilen bir hatarda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem uly ähmiýete eýedir.

Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba agrar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azyk bolçulygy – ykdysady kuwwatlylyk

oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalyk pudagyny ilerledip

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop