Dark
Light
26.12.2025
bitarap neww THE ASHGABAT TIMES

Hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmunyny düşündirýäris

26.11.2025

Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň şygarynyň many-mazmunyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini ýaş nesillere giňişleýin düşündirmek, degişli wagyz-nesihat işlerini guramak boýunça ýurdumyzyň orta mekdeplerinde dürli mazmunly duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp, şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, biziň bilim ojagymyzda Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny mekdep okuwçylaryna düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar. Biz – mugallymlar geçýän sapaklarymyzda şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üç gezek ykrar edilmegi, geçen taryhy döwürde toplanan daşary syýasy we diplomatik tejribe, Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlere, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berýäris.

Şeýlelikde, mekdep okuwçylary türkmen Bitaraplygy we onuň ähmiýeti bilen bagly düşünjelerini has-da berkidýärler. Munuň özi ýaş nesliň syýasy aň-düşünjesini artdyrmak bilen bir hatarda, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem uly ähmiýete eýedir.

Gyzylgül KAŞAŇOWA,
Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

byuro 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň Administratiw-býujet komitetine gaýtadan saýlanyldy

1764164077281 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ata-eneler bilen bilelikdäki işleri döwrebaplaşdyrýarys

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop