Dark
Light
26.12.2025
tm ozbek flags THE ASHGABAT TIMES

Hoşniýetli goňşuçylyk, mizemez dostluk

19.11.2025

Özbegistan biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşusy, ýakyn dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen dostlukly döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri hem ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar has-da ýygjamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 16-17-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary strategik ähmiýete eýe boldy.

Merkezi Aziýa bitewüligiň we mümkinçilikleriň giňişligi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda gabat gelmegi ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Daşkent şäherinde geçirilen nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine aldy.

Daşkentdäki «Kuksaroý» köşgünde döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagy döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Statistiki maglumatlar soňky sanlyja ýylda türkmen-özbek özara haryt dolanyşygynyň bäş esseden gowrak artyp, häzirki wagtda 1 milliard amerikan dollaryndan hem geçendigini habar berýär. Ony ýakyn geljekde 2 milliarda ýetirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Resminamalary alyşmak we gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edendiklerini hem bellemek gerek.

Goý, türkmen-özbek dostlugy mundan beýläk-de gülläp össün!

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ddd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jemgyýetiň sagdynlygyny üçin edilýän aladalar

bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – ynamyň hem ylalaşygyň ýoly

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop