Ýapon dili özboluşly grammatikasy, söz düzümi we medeniýeti bilen tapawutlanýar. Ýapon dili öwrenmek isleýänler üçin medeniýetiň bu dili öwrenmekde möhüm orny bardyr. Medeniýetiň we diliniň özara baglanyşygyny göz öňünde tutup, ýapon dilini öwrenmek üçin birnäçe usullary gözden geçireliň.
Ýapon dili ýurduň medeniýeti bilen içgin baglanyşyklydyr. Ýapon medeniýeti bilen tanyşmak dili öwrenmek prosesini has gyzykly we aňsat edýär. Ýapon filmleri, multfilmleri arkaly sözleriň we söz düzümleriniň ulanylyşyny görüp bilersiňiz. Şeýle hem ýapon däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşmak dil öwrenmekde size kömek eder.
Ýapon dilinde üç görnüşli ýazuw bar: hiragana, katakana we kanji. Hiragana we katakana başlangyç derejesinde öwrenmek üçin amatlydyr. Bu ýazuwlary öwrenmek sözleri we söz düzümlerini has aňsat ýadyňyzda saklamaga kömek eder. Kanji bolsa, ýapon diliniň çylşyrymlylygyny we gözelligini görkezýär. Kanji ýazuwlaryny öwrenmek üçin medeniýet bilen baglanyşykly sözleri ulanyň.
Ýapon dilini öwrenmek üçin dürli dil kurslary we onlaýn resurslar bar. Medeniýetiň elementlerini öz içine alýan kurslary saýlamak, dili öwrenmekde has netijeli bolar. Onlaýn platformalarda ýapon dili bilen baglanyşykly medeniýet we dil öwrenmek üçin köp sanly wideo, makala we interaktiw materiallar bar. Dili öwrenmekde iň möhüm ädimlerden biri gündelik aragatnaşykda ulanyp görmekdir. Ýapon dostlary bilen aragatnaşyk saklamak hem netijelidir.
Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleri Türkmenistany özleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýarlar. Bu hakykaty Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýtmak bolar. Häzirki bagtyýarlyk döwründe türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary, iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklar özüniň oňyn netijelerini berýär. Olaryň hatarynda bilim babatdaky hyzmatdaşlyk esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk bu iki gadymy halkyň aň-bilim, ylym, milli terbiýe baradaky paýhasly ýörelgeleriniň umumylygyna şaýatlyk edýär.
Çynar AMANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.