Dark
Light
27.12.2025
daskent forum s THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa: sebitiň ösüşi tagallalaryň birliginde

17.11.2025

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasynda bolmagy hem-de saparyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitiň bäş ýurdunyň arasynda hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy we integrasion prosesleri pugtalandyrmak maksady bilen döredilen möhüm sebit meýdançasydyr. Sammitlerde özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça dialogy ösdürmäge üns berilýär. Ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Her duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamalar we konseptual maksatnamalar kabul edilýär.

Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürlüpdi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Täjigistanda, 2024-nji ýylyň awgustynda Gazagystanda guralan sammitlere gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň sebit ýurtlarynyň Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyna gabat gelmegi ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar.

Şu gezekki Daşkent sammitinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda belledi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebit ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, “ýaşyl” energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.

Aýlar RUSLANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rrrr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

OBA HOJALYK PUDAGY AZYK BOLÇULYGYNYŇ KEPILI

parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýady

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop