dim1 THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

28.11.2025

Şu gün, 28-nji noýabrda Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (RCPPCA) ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň syýasy meseleler we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça bölüminiň, şeýle hem RCPPCA-nyň wekilleri gatnaşdylar.

dim2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow wekilçilik etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň hereketleri halkara derejesinde ykrar edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidilen hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda we ykdysadyýet, ulag-logistika geçelgeleri, suw-energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri öz içine alýan sebit hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça pikir alşyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bas 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar (foto)

big5 bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop