Dark
Light
24.01.2026
muzey milli THE ASHGABAT TIMES

Milli taryhy-medeni miras öwrenilýär

28.11.2025

Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, 26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. 

Mälim bolşy ýaly, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleridir ylmy işgärleri taryhy-medeni ýadygärliklerde giň gerimli ylmy gözlegleri, gazuw-agtaryş, rejeleýiş-dikeldiş işlerini alyp bardylar. 

Şeýle işler Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän «Daýahatyn» kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky «Akjagala» kerwensaraýynda geçirildi. Ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň geçiren bu işleriniň netijesinde, ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde ylmyň, medeniýetiň ösmegi bilen birlikde, hünärmentçilikde, söwda gatnaşyklarynda uly ösüşleriň gazanylandygyna, ata-babalarymyz tarapyndan durmuş üpjünçiliginiň kämil ulgamynyň döredilendigine, binagärligiň özboluşly milli mekdebiniň kemala getirilendigine şaýatlyk edýän anyk maglumatlar ýüze çykaryldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden baýram edilýän ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralarynyň geçirilmegi döwürleriň arasyndaky berk arabaglanyşygyň, häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyny aýawly saklamaga jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hoşniýetli goňşuçylykdan strategik hyzmatdaşlyga

hngu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda sanly tehnologiýalar boýunça halkara forum guraldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop