Dark
Light
26.12.2025
neftegaz THE ASHGABAT TIMES

Nebit-gazly Watanym

03.11.2025

Türkmenistan Watanymyz nebite we gaza baýdyr. Ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gaz gorlarynyň ummasyz möçberi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerine baý ýataklary hem-de geljegi uly bolan beýleki känleriň nebit-gaz gorlary şeýle diýmäge esas berýär. Şonuň bilen baglylykda, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ata Watanymyz baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, mundan sanlyja ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem iri taslamalaryň hatarynda guwanç bilen bellemek ýakymlydyr. Ol dünýäde gazhimiýa toplumynyň ilkinji kuwwatly, iň kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawoddyr. Onda her ýyl 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazyň gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, 12 müň tonna dizel ýangyjy hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmäge giň mümkinçilikleriň bolmagy zawodyň esasy aýratynlygydyr.
Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.

Aýna AMANOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

manat maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

germaniya ykdysady forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Frankfurtda Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop