Dark
Light
25.01.2026
oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk pudagyny ilerledip

24.11.2025

Toprak — halkyň durmuşynyň baky hemrasy, zähmetiniň manysy, ykbalyny çözüji. Ir döwürlerden bäri zähmetsöýer we merdana pederlerimiz Burkut baba, Haýdar baba, Babadaýhan ýaly pirleri özüne ruhy medetkär edinip, bereketli toprakdan iýjek ýylgallasyny ösdürip ýetişdiripdirler, ene topragy söýgüläp, nakyllaryňdyr paýhasly sözleriň uly toplumyny miras goýupdyrlar. Häzir bu ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak, onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary döredildi. Ylym ulgamy oba hojalygyndaky meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine gönükdirilýär. Bu ylmy-barlag institutlarynyň alymlary tarapyndan güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ir bişip ýetişýän, ýokary hilli, bol hasyl berýän täze sortlaryny döretmek we olaryň ilkinji tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin degişli işler geçirilýär. Şu möwsümde bugdaýyň «Arkadag», «Serdar», «Pyragy» ýaly täze görnüşleri ekildi.

Obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýlelikde, ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden täze traktorlar, kombaýnlar, ekskawatorlar, ýer tekizleýjiler satyn alynýar. Pudagy tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasy esasynda täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, ABŞ-nyň «John Deere», Germaniýanyň «CLAAS» ýaly ýokary öndürijilikli tehnikalary tapgyrlaýyn esasda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar. Kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň zerur dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýändigini hem aýtmalydyrys.

Umuman, oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine giň ýol açýar.

Amanmyrat ALLANUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy kafedrasynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap 30 yyl new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti wagyz edilýär

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mobil Aragatnaşyk Operatorlarynyň Hyzmat Bahalaryna We Bäsleşigine Täsir Edýän Faktorlar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop