Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Ata-babalarymyz «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Okan il ozar…», «Bir — okana, bir — dokana» diýen ýaly parasatly sözleri döredip, ähli ösüşleriň ylym-bilimden gözbaş alýandygyny ündäpdirler. Şundan ugur alsak, berkarar döwletimiziň nurana geljeginiň şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi, terbiýesi bilen aýrylmaz baglydygyny bellemek gerek. Şu jähetden, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy. Mary şäherinde bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy hem-de umumy ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Şeýle hem paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda milli maksatnamalarymyz, konsepsiýalarymyz we strategiýalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilip, döwrebap bilim edaralarynyň sany yzygiderli artýar. Şunda milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligi hem ýokarlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzyň energetika pudagynyň ylym-bilim binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr» diýlip nygtalýar. Şu jähetden, dünýäde ýokary pähim-paýhasy, ylmy kuwwaty bilen tanalan halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, häzirki wagtda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda beýik işler amala aşyrylýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze bilim-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Bilim ― geljegiň açary. Ylym-bilimiň ýoly bilen adamzat belent sepgitlere ýetýär. Bilim bilen kalplarymyz nurlanýar, gözýetimler giňelýär, döwletimiziň intellektual kuwwaty güýçlenýär. Şu jähetden, her bir ýaş türkmenistanlynyň güýji — bilimi, baýlygy — akyl-paýhasy, ýoly bolsa döredijilikdir.
Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.