Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bilimli-edep, terbiýeli, sagdyn düşünjeli we hünäre ukyply ýaşlary kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bilim ojaklarynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde degişli döwlet Maksatnamalaryndan ugur alnyp geçirilýän işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda Türkmengala etrabynda «Türkmenistanda umumbilim maksatnamalaryboýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy hereketde» ady bilen geçirilen usuly-amaly maslahatyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk. Etrap, şäher usuly merkezleriniň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy bilim işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen pedagogik ähmiýetli çäräniň dowamynda dürli maslahatlara, tejribe alyşmalara, sapaklara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berildi.
Bu maslahata matematika we informatika mugallymy hökmünde «Bir agzany köp agza köpeltmek» diýen tema boýunça göreldeli sapak bilen gatnaşdym. Göreldeli sapagy işjeň we interaktiw usulda gurap, ýurdumyzyň welaýatlary bilen onlaýn arkaly sapagy berkitdim. Häzirki zaman pedagogik tejribelerden ugur alyp, sapagyň ähli bölümlerinde okuwçylaryň işjeňligini gazanmaga, temany netijeli özleşdirmäge, geçilen temany berkitmäge bolan ukyplylyk ähli gatnaşyjylarda täsir döretdi. Şeýle sapaklary guramak bilen biz tejribelerimizi artdyrýarys we ýaş nesle bilim bermek işini kämilleşdirmäge ruhlanýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözlerinden ugur alyp, Alym Arkadagymyzyň kitaplaryny gollanma edinip, yhlasly zähmet çekmek bilim işgärleri üçin uly buýsançdyr.
Sülgün ÇARYÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy.