Dark
Light
25.01.2026
garassyz halk THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň, hoşniýetli ýörelgeleriň beýany

30.11.2025

Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, şunda türkmen Bitaraplygyna parahatçylygyň kepili, ynanyşmagy berkitmegiň, dürli ugurlarda ylalaşygy gazanmagyň guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bitarap döwletimiz köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny işjeň ulanyp, bütin dünýäde dost-doganlygy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýar.

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi Milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edýär. Bu konsepsiýa iş ýüzünde özüniň ýokary netijeliligini we köptaraplydygyny görkezdi. Ýadyňyzda bolsa, bu başlangyç hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy» atly halkara maslahatda öňe sürüldi. Bu filosofiýa türkmen Bitaraplygynyň öňe sürýän pikir-garaýyşlarynyň özboluşly jemlenmesidir.

Ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ynanyşmak ýörelgeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň nyşanynda hem öz beýanyny tapýar. Şunda Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana uzaýan derek agajy, ýurdumyzyň Döwlet baýdagy, şeýle-de BMG-niň baýdagy, bir ganaty Garaşsyzlygymyzy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, beýleki ganaty bolsa hemişelik Bitaraplygymyzy alamatlandyrýan gök reňkde bolan ak laçyn guşy, parahatçylygy aňladýan zeýtun baldajygy şanly ýylymyzyň nyşanyna çuň manyly öwüşgin berýär.

Jemläp aýdanyňda, bu günki gün ähli ösüşlerimiz, özgerişlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly, parasatly syýasatynyň netijesi bolup, şol paýhasly, örän netijeli we üstünlikli syýasaty barha kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy tagallalary örän uludyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Aýjeren GURBANNAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar 25 new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biz – juda bagtly ýaşlar!

nusay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nusaý – taryhyň şöhratly şäheri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop