Dark
Light
25.01.2026
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

20.11.2025

Taryhy tejribelere esaslanylmak bilen, häzirki zaman diplomatiýasynda parahatçylygy gorap saklamak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Şu jähetden, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp baryp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlarymyz bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.

Dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek ykrar edilmegi ählimiziň kalbymyzy buýsanç duýgularyna besledi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň hukuk derejesini üýtgewsiz goldaýandygynyň, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda netijeli gural hökmünde bitaraplygyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky nyşany boldy.

Häzirki wagtda milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini bütin dünýäde ilerletmäge möhüm ähmiýet berýändigini alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Maksat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba hojalyk 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Berekediň hem bolçulygyň mekany

emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şanly ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp…

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop