Dark
Light
26.12.2025
parahatcylyk bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

28.11.2025

Parahatçylyk ― umumadamzadyň ýaşaýyş şerti. Parahatçylyk diňe bir asuda ýaşaýyş däldir. Ol jemgyýetiň ösüşi, döredijiligi, medeniýetiň gülläp ösmegi üçin zerurlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly meşhur goşgusynda: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr, // Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, // Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýen setirleri hem bu hakykaty aýdyň beýan edýär.

Milli Liderimiz: «Ynamdyr  dünýäň  diregi!» diýýär. Ymgyr manyly bu jümle halkara jemgyýetçiliginde ynamyň uly güýçdügini görkezýär. Hakykatdan hem, ynam ― ynsan kalbynyň arassalyk ýörelgesi. Parahatçylykly gatnaşyklaryň özeni hem ynamdyr. Ynam bolmasa, hiç bir gepleşik, hiç bir hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolup bilmez. Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda dünýä ýurtlarydyr halkara guramalar bilen ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär.

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasynyň bütin dünýäde giňden dabaralanmagy aýratyn bellärliklidir. Şunda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyň ýokary ähmiýete eýe boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu forum şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň birine öwrülmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär.

Parahatçylyk ― adam kalbynyň iň arzyly islegi. Ynanyşmak bolsa şol islegiň beýik güýjüdir. Türkmenistan dünýäde şu iki gymmatlygy beýik tutup bilýän döwlet hökmünde çykyş edýär. Häzirki zaman dünýäsinde ýüzbe-ýüz bolunýan çylşyrymly halkara ýagdaýlaryň, howplaryň öňüni almakda parahatçylyk bilen ynanyşmagyň binýadynda döredilen hyzmatdaşlyk has netijeli bolýar. Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de milli diplomatiýamyzy ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary bolsa halkara parahatçylygy üpjün etmekde, abadan ýaşaýşy wagyz etmekde dünýä nusgalykdyr.

Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aynek smart THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Alibaba özüniň ilkinji «akylly» äýnegini tanyşdyrdy

media training 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UNFPA metbugat wekilleri üçin gender meselelerine etiki taýdan dogry çemeleşmek boýunça trening geçirdi

Soňkylar Makalalar

Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

23.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

23.12.2025
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk

Himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri

23.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda himiýa senagaty hem döwrebap ösdürilip, Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman
GitTop