Dark
Light
05.02.2026
bitaraplyk taze sur 25 1 THE ASHGABAT TIMES

Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr

30.11.2025

«Parahatçylyk» diýen sözüň ägirt uly hikmeti, çuň mazmuny bar. Biz muňa gündelik durmuşymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşulularymyzyň: «Asmanymyz asuda, Zeminimiz abat, ýurt parahat bolsun!» diýip, her gezek ýagşy doga-dileg etmegi milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Elbetde, asmanyň asudalygy, Zeminiň parahatlygy uly bagt! Şol bagtyýarlygyň bolsa hemişelik Bitaraplyk taglymaty bilen berk baglanyşýandygy misilsiz hakykatdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde «Bitarap — hiç tarapa goşulmaýan» we «Bitaraplyk — bitarap syýasaty ýöretmeklik, hiç bir tarapa goşulmazlyk, gatyşmazlyk» diýlip düşündiriş berilýär. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, diňe bir öz ýurdumyzda asudalygyň hem parahatçylygyň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz ýerleşýän sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, syýasy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.

Turuwbaşdan uly üstünliklere, şöhratly wakalara beslenýän 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin aýratyn şanly we taryhy ýyllaryň biridir. Çünki ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 30 ýyl dolýar, dünýä bileleşigi bolsa BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýär. Bu seneler mynasybetli halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary tarapyndan ähli zerur tagallalar edilip, 22-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Milli Liderimiz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen hem tanyşdy.

Kök çuň we berk bolsa, daragt şonça-da kuwwatly bolýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynda: «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!» diýýär. Abatlygyň binýady birek-birege hormat goýmagyň we özara düşünişmegiň esasynda emele gelýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly deňhukukly, açyk, netijeli gatnaşyklaryň medeniýetini we dialog filosofiýasyny dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen düşünjä, ine, şu jähetden baha bermek dogrudyr.

Azada MATKARIMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ähli döwürleriň baýlygy

guyz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Näme üçin güýzde ýapraklar reňkini üýtgedýär?

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop