caga bilim THE ASHGABAT TIMES

Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr

11.11.2025

Merdana pederlerimiz ösüp gelýän ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, ylymly-bilimli, başarjaň, ugurtapyjy, akylly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda irginsiz alada edipdirler. Olara edep-terbiýe bermekde hüwdüleriň, nakyllaryň, tapmaçadyr matallaryň-da ähmiýeti uly bolupdyr. Halkymyzyň çaga terbiýelemekdäki durmuş ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Eserde Milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet aganyň şeýle dürdäne sözleri getirilýär: «…dünýäde çagadan gymmatly zat ýokdur. Ony özüni hem, ýene müňlerçe adamlary hem bagtly edip biler ýaly terbiýelemeli».

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesillerimiz çagalyk dünýäsiniň iň gyzykly döwrüni başdan geçirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgularynyň birinde: «Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr» diýip, çeper teswirleýşi ýaly, adam ömrüniň ajaýyp menzilleri, gaýgy-gamsyz, aladasyz pursatlary çagalyk döwri bilen baglanyşyklydyr. Çagalyk döwrüniň süýji ýatlamalary bolsa ynsan kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ýurdumyzda ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler bimöçberdir. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bitirýän işleri uly ähmiýete eýedir.

Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işiniň ösüşi» ady bilen geçirilen halkara maslahat çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek meseleleri babatda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Ençeme döwletden gelen myhmanlary bir ýere jemlän forumyň dowamynda dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça täze-täze tekliplerdir garaýyşlar orta atyldy. Halkara maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň degişli düzümleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça resminamalara gol çekilmegi çagalaryň parlak geljegini kepillendirmäge gönükdirilip, olaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädime öwrüldi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde körpe nesilleriň arasynda dürli bäsleşikleriň guralmagy bolsa kalby sungata höwesli, ylym-bilime teşne çagalara arzyly menzillere ýetmäge egsilmez ruhy güýç berýär. Munuň şeýledigini geçen ýyl surat çekmek boýunça «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» ady bilen ýörite bäsleşigiň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasynyň, şu ýyl gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen türkmen milli oýunlary, aýdym-saz, tans, surat çekmek we amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary öz içine alan bäsleşigiň geçirilendigi hem tassyklaýar. Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän körpelere hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyklar mynasybetli dürli hili süýjülikler, ir-iýmişler, naz-nygmatlar yzygiderli gowşurylýar. Munuň özi döwletimizde çagalar hakyndaky aladanyň hemişe üns merkezinde durýandygyny, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesilleriň ykbalyna nur çaýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, ömrümiziň bahary bolan körpeleriň şadyýan gülki sesleri her bir ojakda belentden ýaňlanyp dursun!

Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sur bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň forumyna gatnaşýar

okuwcy 1 nji sentyabr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Başlangyç bilim – binýat

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop