Tehnologiýalaryň çalt özgerýän bu döwründe, Sanly Rewolýusiýa ylmy we işewür jemgyýetçiligiň üns merkezine öwrüldi. Sanly özgeriş, Senagat rewolýusiýasyndan düýpli tapawutlylykda, diňe bir täze tehniki çözgütleri ornaşdyrmak däl-de, eýsem, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuş-ykdysady, medeni we institusional esaslaryny düýpgöter üýtgedýän, durmuşyň täze kadalaryny, gymmatlyklaryny we hereket modellerini kemala getirýän giň gerimli prosesdir. Sanly Rewolýusiýa öz başlangyjyny XX asyryň ortalarynda mikroelektronikanyň ösmegi we Internetiň döräp başlamagy bilen alýar. Şu günki günde bolsa, biz “ikinji sanly tolkunyň” şaýady bolýarys. Bu täze tolkun Emeli intellekt (AI), Uly maglumatlar (Big Data), Blokçeýn tehnologiýalary, Zatlar interneti (IoT), Maşyn öwrenmek we Awtomatlaşdyrmak ýaly öňdebaryjy ugurlar bilen baglanyşyklydyr.
Sanly rewolýusiýa durmuşyň ähli ugurlaryna bir wagtda täsir edýär. Sanlylaşdyrma biziň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşyp, sanly ykdysadyýet nusgasyna geçmäge ýardam edýär. Bu özgerişiň netijesinde täze iş görnüşleri we maliýe gurallary ýüze çykýar: Uzak aralykdan işlemek adaty ýagdaýa öwrüldi, täze sanly bazarlar döreýär we wirtual walýutalar maliýe ulgamyna girýär. Gündelik maliýe amallarymyzda hem sanly üýtgeşmeler adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi. Bank kartlaryndan başlap, aragatnaşyksyz tölegler we telefon belgisi boýunça geçirimler gündelik amallarymyzy ýeňilleşdirdi.
Sanly tehnologiýalar lukmançylyk hyzmatynyň hilini we elýeterliligini ep-esli gowulandyrýar. Olar keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak işlerini ýeňilleşdirýär. Esasy öňdebaryjy ugurlar bioinformatika we lukmançylyk şekilleriniň çuňňur derňewi, çaklama analitikasy üçin Emeli intellektiň (AI) ulanylmagydyr. Bu sanly çözgütler lukmançylyk kömegini has takyk we çalt etmäge goşant goşýar.
Sanly tehnologiýalar telefony diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl, eýsem, durmuşymyzyň esasy dolandyryş merkezine öwürdi. Ozal telefonlar esasan jaňlaşmak üçin ulanylýan bolsa, häzirki wagtda onuň funksiýalary giňeldi: haryt satyn almak we tölegleri geçirmek, taksi sargyt etmek, filmlere seretmek, aýdym diňlemek, täzelikler bilen tanyş bolmak we jemgyýetçilik ulaglarynyň tertibini barlamak.
Sanly rewolýusiýa biziň ýaşaýan häzirki wagtymyz we geljegimizdir. Sanly öwrülişik: Wagt tygşytlylygyny üpjün edip, az zähmet bilen has köp işi ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi; Elýeterliligi artdyrdy, ýagny nirede ýaşaýanlygyňa seretmezden, sanly hyzmatlardan peýdalanyp bolýar; Çeýeligi döretdi, bu bolsa durmuşyň ähli ugurlarynda has ýeňil we amatly çözgütleri tapmaga kömek edýär. Sanly rewolýusiýa arkaly durmuşymyz ep-esli ýeňilleşdi. Esasy zat bolsa, bu öňdebaryjy tehnologiýalary akylly, peýdaly we aňly ulanmagy başarmakdyr.
Aýgül BEGNAZAROWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby