Dark
Light
27.12.2025
1763990364743 THE ASHGABAT TIMES

Sanly serişdeleriň sanyny artdyrýarys

24.11.2025

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda pedagogik işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmaga, sanlylaşdyrylan tehnologiýalar bilen işlemek mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň döwrebap innowasiýalary döredijilikli peýdalanmaklaryny gazanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, biziň çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçisi we iňlis dili mugallymy Aýjeren Hangeldiýewa hem ýakynda öz usuly gollanmalarynyň üstüni ýetirip, täze bir elektron görkezme serişdesini taýýarlady. Bu elektron gollanma prezentasiýa görnüşinde bolup, onlarça slaýdlary öz içine alýar.

Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ulaglar hakyndaky düşünjelerini ösdürmek, olara okuw maksatnamasy boýunça şu ugurda berilýän sapaklaryň hilini artdyrmak, ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek, hünäre bolan söýgüni artdyrmak hem-de bu ugurdaky okuw-terbiýeçilik işlerini mazmunlaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan elektron taslama öz ähmiýetli taraplary bilen tapawutlanýar. Esasy bellemeli ýeri bolsa sapaklary integrirlemekde we interaktiw işjeňligi gazanmakda şeýle serişdeleriň ähmiýeti ýokarydyr.

Elektron gollanmada dürli oýunlary ýerine ýetirmek üçin maglumatlar, türkmen, iňlis  dillerinde animasion wideo görnüşler hem ýerleşdirilipdir. Munuň özi köp taraply täsirleri gazanmakda bilim-terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyk guramakda netijelidir.

Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesilleriň kämil terbiýelenmegi we zamanabap kemala getirilmegi, bilim işgärleriniň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmegi babatda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de asylly işlerde belent nusga görkezýän Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Sähra AKMÄMMEDOWA,
Mary etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Sport we bedenterbiýe ulgamy
Öňki taryh

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

gazagystan tm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet sapary  başlandy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop