Dark
Light
26.12.2025
ozbek sowda THE ASHGABAT TIMES

Serhetýaka söwda merkezi: iki doganlyk halkyň bähbidine

20.11.2025

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Daşkentde sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylmagy şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biridir. Serhetýaka söwda merkezinde diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwy guralar.

Turuwbaşdan bellesek, bu söwda merkeziniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda — özbek Lideriniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde badalga berlipdi. Bu wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegi haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, iki ýurduň telekeçileriniň we hojalygy ýöredýän subýektleriniň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ykdysady diplomatiýada söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sebit integrasiýasy, deňhukukly, köptaraplaýyn söwda ulgamyna esaslanýan işleri giňeltmek ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleri hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan, serhetýaka söwda merkezinde bölek söwda amallaryna rugsat edýän «erkin gümrük zolagy» düzgüni bolar. Zolaga giriş aýratyn barlag-goýberiş nokatlary arkaly amala aşyrylar. Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem goňşy ýurda gelen daşary ýurtlular bu ýerde bellenen möhletde wizasyz galyp bilerler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap, Özbegistanyň Buhara welaýatlarynda-da şuňa meňzeş bilelikdäki taslama işlenip düzülýär. Munuň özi ykdysady strategiýanyň dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny berkitmekdäki möhüm ornuny aýdyňlaşdyrýar.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, täze desgany Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölüminiň düzümleri öz wagtynda we ýokary hil derejesinde bina etdiler. Söwda merkeziniň umumy meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň 3 gektary ýurdumyzyň çägindedir. Zerurlyk bolanda ony halkara ylalaşyk arkaly ýene-de giňeltmek mümkindir. Bu ýerde söwda dükanlarynyň 37-si, naharhanalaryň 2-si, ammarlaryň 15-si guruldy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň gowşurylmagy söwda merkeziniň strategik ähmiýete eýedigini görkezýär.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblem 25 english new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şanly ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp…

img 20251115 195727 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalarda tebigata söýgi döredýäris!

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop