Dark
Light
05.02.2026
sport seslenme THE ASHGABAT TIMES

Sport – ýaşlaryň endigi

14.11.2025

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäheri halkara duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldýär.

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurulýar. Aşgabat şäherinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap infrastrukturanyň döredilmegi bolsa buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň hem-de dünýä sportunyň taryhynda täze sahypalary açan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam berdi. Şeýle-de Aşgabatda 2023-nji ýylda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabat tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady, medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň giň hyzmatdaşlygy, dostlugy, işewür gatnaşyklary ilerletmegi, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmegi maksat edinýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ak şäherimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

Allamyrat KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Taktiki we terbiýeçilik taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy, kapitan.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asgabat saher THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jan Watanym Türkmenistan!

fabrika formatovgifxkoyrgnidagwqyulvuciqs0d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalary mekdebe taýýarlamakda hünärmenleriň iş usullary ýokarlandyrylýar

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop