sanly cozgut 25 THE ASHGABAT TIMES

Täze pikirler – täze taslamalar

03.11.2025

Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikler açýar.

Bu ýyl hem ýaş alymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, «akylly» şäher, sanly lukmançylyk, elektron bilim, hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Şu günler «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat emin agzalar topary ýaşlaryň işläp düzen sanly çözgütlerine bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler. 

Taslamalar döwrebaplygy, innowasion aýratynlyklary, ykdysady taýdan netijeliligi, peýdalanmakda amatlylygy, dizaýn çözgüdi, kanunçylyga laýyklylygy, şeýle-de özboluşlylygy we programma üpjünçiligi üçin çeşme kodunyň barlygy boýunça seljerilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri «Türkmentel – 2025» XVIII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Bu bäsleşik ýurdumyzda sanly intellektual tehnologiýalary we usullary kämilleşdirilmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak we sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bir hatarda, ýaş alymlara hem-de talyp ýaşlara özleriniň taýýarlan täze sanly çözgütlerini durmuş-ykdysady şertlerine ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. 

Azat HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bedew taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Atçylykda genetika: däpler we täze tehnologiýalar

bitarap taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop