Dark
Light
26.12.2025
bag ekmek 25 THE ASHGABAT TIMES

Tebigat gözel – Watan gözel

12.11.2025

Ýurdumyzda, asylly däbe görä, her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlikde geçirilýär. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda edilýän tagallalardan habar berýär. Tebigatyň goragy sagdyn hem bagtyýar ýaşaýşyň goragydyr. Şonuň üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ählihalk bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu zähmet baýramy Hasyl toýunyň dabaralary bilen utgaşyp, döwletli Diýarymyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändiginiň nobatdaky mysalyna öwrüldi.

Bag ekmek ― sahawatly iş. Söýgüli şahyrymyz Gara Seýitliýewiň: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, // Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri bolsa hemmämizi bu sogaply işe höweslendirýär. «Bu gün nahal — ertir daragt» diýlişi ýaly, ýetişdirilýän baglar tebigatymyza we ruhy dünýämize gözellik hem-de öwüşgin çaýýar.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler alys geljegi nazarlaýar. Şunda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary bolsa, yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Sebäbi bag ekmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli aýratynlygyna, ýörelgelerine mahsus, ygtykadyna muwapyk häsiýetler hasaplanylýar.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi netijesinde, Watanymyz gür baglygyň, ýaşyl meýdanlaryň, gül öwüsýän sähralaryň, seýilgähleriň we ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki sazlaşykly ösüşiniň, täzelenişiniň aýdyň beýanyny emele getirýän tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär. Bu bolsa halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gök zolaklary döretmek babatda beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Pälwan KUWADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

matematikaa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara matematiki adalgalar

bilim talyplar 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – iň gymmatly hazyna

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop