Dark
Light
26.12.2025
bitara parahat 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Bitaraplygy – dost-doganlyk ýoly

26.11.2025

Bitaraplyk — Türkmenistanyň parahatçylygy goramaklyga we berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, deň hukuklylygyň, goňşuçylygyň we dostlugyň üýtgewsiz ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn nyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň esasy bolup çykyş edýär.

Täze taryhy döwürde türkmen Bitaraplygy öz gerimini, çägini barha giňeldýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilmegi, «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, dünýä döwletleriniň arasynda ynanyşmak medeniýetiniň dikeldilmegine goşýan goşandynyň halkara giňişlikdäki dabaralanmasydyr. Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent binasynyň öňünde dünýä ýurtlarynyň baýdaklary bilen bilelikde parlaýar.

Ýeri gelende bellesek, ýylymyzyň nyşanynyň keşbini düzýän şekillerde hem aýratyn many-mazmun bardyr. Çünki bu nyşanda Ýer şaryny öz ganatlarynda göterip, ganat ýaýýan laçyn guşuň şekilini synlanyňda, erkanalygyň, parahat ýaşaýşyň nyşany göz öňüňde janlanýar. Nyşandaky ýaşyl öwsüp duran derek agajy ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýaly hakykaty aýan edýär. Şanly ýylymyzyň nyşanynyň merkezine ýaşyl tugumyz bilen BMG-niň baýdagynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň bu iri halkara guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.

Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen netijeli ösdürilýär.

Aýgül ORAZMUHAMMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oma 3638 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Güýzüň soňky günleri (Amyderýa galereýasy)

astana dus THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Astanada türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop