Dark
Light
04.01.2026
parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Bitaraplygy – umumadamzat gymmatlygy

25.11.2025

Parahatçylyk ― ähli döwürleriň iň gymmatlygy baýlygy. Taryhy tejribelere esaslanylmak bilen, häzirki zaman diplomatiýasynda parahatçylygy gorap saklamak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Şu jähetden, Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp baryp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlarymyz bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki wagtda bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy strategik derejede yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary bolsa dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylyp, BMG-niň ýörite Kararnamalary esasynda yzygiderli berkidilýär.

Dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek ykrar edilmegi ählimiziň kalbymyzy buýsanç duýgularyna besledi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň hukuk derejesini üýtgewsiz goldaýandygynyň, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda netijeli gural hökmünde bitaraplygyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky nyşany boldy.

Häzirki wagtda milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini bütin dünýäde ilerletmäge möhüm ähmiýet berýändigini alamatlandyrýar.

Süleýman GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahat abadancylyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gadymyýetden gözbaşly bitaraplyk ýörelgeleri

bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop