Dark
Light
25.01.2026
gazak kon THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-gazak dostluk konserti guraldy

21.11.2025

Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti guraldy.

Konsert ýurdumyzyň Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangistau oblastynyň arasynda baglaşylan degişli Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäginde geçirildi. Oňa Balkan welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, bu sebitde ýaşaýan gazak milletiniň wekilleri, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Mangistau oblastynyň ýolbaşçylary, Aktau şäheriniň medeniýet bölüminiň aýdym-saz we tans toparlary gatnaşdylar.

Bu ýerde halkymyzyň milli el işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, iki goňşy halkyň amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi hem guraldy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

energettika diplomatiyasy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär

photo 2025 11 20 10 54 32 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gazagystan bilen Hytaý «Hytaý – Ýewropa» ýolunda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop