Dark
Light
04.01.2026
gazak baydak THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň binýady

25.11.2025

Türkmenistan Gazagystan bilen sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerinde, dürli ykdysady ugurlarda işjeň gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmagyň derejesi ýokarydyr. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär.

Gazagystan Hazar deňzinde-de Türkmenistanyň goňşusydyr. Şunda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň  ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy Hazary parahatçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýydyr. Ýurtlarymyzyň arasynda üstaşyr ulag ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Bu babatda hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly uly mümkinçilikleri döredýär. Ol Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýär.

Häzirki wagtda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan we ondan aňry Pars aýlagyna demir ýol, multimodal, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin hytaý tarapy bilen işler alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýady taýýarlanylýar. Hazar deňzinde Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz menzilleriniň kuwwatlyklary, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi aralygyndaky awtoulag ýoly örän uly mümkinçilige eýedir.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutulyp, ol Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder. Hazardaky Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz menzilleriniň arasynda logistik hyzmatdaşlyk boýunça hem giň mümkinçilikler bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu gezekki döwlet sapary köpugurly ykdysady hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder. Ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegi, onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi döwletara gatnaşyklarda möhüm sahypany alamatlandyrýar.

Merjen ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahat abadancylyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gadymyýetden gözbaşly bitaraplyk ýörelgeleri

bitarap kepderi krug THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk taglymaty: taryhy esas, berk binýat

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop