saud sergi THE ASHGABAT TIMES

Türkmen senetçileri Saud Arabystanynda Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşýarlar

22.11.2025

Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyry, ýagny «Banan» atly hepdelik, 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Oňa 40-dan gowrak ýurtdan, şeýle hem 400-den gowrak ýerli senetçi gatnaşýar.

2025-nji ýyl Senetçilik ýylynyň çäklerinde geçirilýän bu çäre ýerli işewürlere mükinçilekleri döretmek, olaryň bazardaky ornuny ýokarlandyrmak we başarnyklaryndan peýdalanmak maksady öz içine alýar.

Bu ýyl senetçilik hepdeligine Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri elde dokalan haly önümlerini, kümüş şaý-seplerini we keramika önümlerini görkezýärler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gazak baydak THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

tennis bruney THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen tennisçileri Bruneýiň toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi

Soňkylar Habar

GitTop