Dark
Light
27.12.2025
Sport we bedenterbiýe ulgamy
Sport we bedenterbiýe ulgamy

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

24.11.2025

Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda pugtalandyrýar we giňeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan sport diplomatiýasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän, sport we olimpiýa hereketleri arkaly dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan we ynsanlara sagdyn, bagtyýar durmuşy peşgeş berýän taglymatdyr.

Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen we bütindünýä olimpiýa hereketine girişmek üçin Türkmenistan BMG-niň  Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, şeýle-de ýurtda Milli antidoping agentligi döredildi.

Sporta uly üns berýän Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine ýokary ynsanperwer manyny goýýar we ony gönüden-göni BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy mejlisinde «Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça» atly ýüzlenme kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi.

welo THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alyp barýan möhüm işleriniň biri hem dünýä ýüzüne türkmen milli göreşini yzygider ýaýratmak bolup durýar. Aşgabatda 2015-nji ýyldan bäri Bütindünýä göreş federasiýasynyň ştab-kwartirasy hereket edýär. Şeýle federasiýalar 20-den gowrak döwletde hereket edýär. 2017-nji ýylda Ýewropa, Afrika we Günorta Amerikanyň yklym federasiýalary döredildi we türkmen milli göreşi boýunça Ýewropanyň we Afrikanyň çempionatlary geçirildi. Türkmen milli göreşini dünýä ýaýratmak ugrunda we sport-bedenterbiýe boýunça halkara hyzmatdaşlygymyzy, at-abraýymyzy belende galdyrmak, tanatmak boýunça häzirki wagtda hem giň gerimli işler dowam edýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda, sporty we bedenterbiýäni ýaýratmakda, beýleki ähli ulgamlarda hem alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Atamyrat GELDIMÄMMEDOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
talyplar sport klubynyň ýokary derejeli türgenleşdiriji mugallymy.

bitarap tm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

1763990364743 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly serişdeleriň sanyny artdyrýarys

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop

Don't Miss