Dark
Light
25.01.2026
bas 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen talyplary Saud Arabystany Patyşalygynda okuw saparynda boldular

24.11.2025

Şu ýylyň 16 – 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglary institutynda okuw saparynda boldular. Ol iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

55a3020 THE ASHGABAT TIMES

Okuw saparynyň çäklerinde talyplar Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde institutyň mugallymy Ahmed Al-Faýez Saud Arabystany Patyşalygynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Doktor Haled Ibrahim Al-Aliniň geçen sapagy bolsa olaryň Saud Arabystanynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasaty bilen bagly alnyp barylýan işler hakyndaky düşünjelerini artdyrmakda ähmiýetli boldy. Ýurduň «Vision 2030» atly maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysadyýetde, bilimde, tehnologiýalarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler baradaky söhbetler hem türkmen talyplarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Diplomatik barlaglar institutynyň mugallymy Leýla Al-Zahrani bolsa Saud Arabystany Patyşalygynyň syýahatçylygyna we medeni özboluşlylygyna degişli okuw sapagyny geçdi. Okuw sapaklaryna gatnaşan talyplara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Saparyň çäklerinde «Al-Masmak» muzeýine, «Boulevard Riyadh» dynç alyş seýilgähine, Imam Turki bin Abdullah metjidine gezelençler guraldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mejlis bina THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi

inshot 20241028 004015708 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk— halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýaňy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop