Dark
Light
28.01.2026
tennis bruney THE ASHGABAT TIMES

Türkmen tennisçileri Bruneýiň toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi

22.11.2025

Türkmen tennisçileri Bahreýniň Isa şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyna 19-njy noýabrynda Bruneýiň toparyny 3:0 hasabynda ýeňmek bilen başladylar.

Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň V toparynda dört toparça bölünen 14 topar, derejesini ýokarlandyrmak ugrunda göreşýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary Bahreýniň, Bangladeşiň we Bruneýiň toparlary bilen «C» toparça düşdi. Beýleki toparçalaryň düzümi: «A» – Laos, Ýemen, Demirgazyk Mariana adalary; «B» – Guam, Mýanma, Mongoliýa; «D» – Birleşen Arap Emirlikleri, Makao, Maldiwler, Täjigistan.

Toparçalaryň ýeňijileri utulan-çykdy tapgyryna çykarlar, onuň iki ýeňijisi bolsa indiki ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda oýnamaga hukuk gazanar. Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Bahreýniň ýygyndy toparyndan 0:3 hasabynda ýeňlen Bangladeş topary bolar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saud sergi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen senetçileri Saud Arabystanynda Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşýarlar

1763990364738 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gurnak işinde sanly innowasiýalar

Soňkylar Habar

GitTop