Milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, 6-njy noýabrda goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Kyn günde goňşa hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Şu gezekki iberilen ynsanperwerlik kömegi hem köp sanly şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr.
«THE ASHGABAT TIMES».