Dark
Light
25.01.2026
yyldyz oteli THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – ÝB: bilelikdäki toparyň mejlisi geçirildi

12.11.2025

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky bilelikdäki toparyň 24-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisde bilelikdäki işleriň netijelerine garalyp, ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda söwdanyň ösüşi, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen bagly işler hem üns merkezinde boldy. Şunda ÝB-niň ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy ugrunda berýän goldawy we tehniki kömegi üçin hoşallyk bildirildi. Erkin ykdysady zolaklary öwrenmek we ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ýurduň sebitlerinde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, telekeçilik üçin deň derejeli meýdança döretmek babatda tagallalaryň güýçlendirilendigine üns çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar sebitleriň arasynda ulag arabaglanyşygyny üpjün etmegiň, ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde ýol-ulag resminama işiniň elektron dolanyşygyny ösdürmegiň, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bilim we adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň hem zerurdygyny nygtadylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim talyplar 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – iň gymmatly hazyna

mekdep baslangyc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – beýik işlere çagyryş

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop