Bu barada 28-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlip, wise-premýer B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzda taýýarlyk işleri, hususan-da, şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany, onuň daş-töweregini bezemek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, Aşgabatda bezeg işlerini geçirmegiň, Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».