Dark
Light
27.12.2025
link 2025 11 25 08 46 30 991 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy” bäsleşigi geçirildi

24.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak” hünäriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň alyp barýan işleriniň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Olar bu derwaýys işe çynlakaý ýapyşyp, muzeý işini kämilleşdirýärler. Türkmeniň gadymy taryhyny, etnografiýasyny, tebigatyny,şekillendiriş sungatyny gorap saklamakda, öwrenmekde, halka ýetirmekde muzeý ulgamy netijeli işler alyp barýar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bäsleşigiň sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdy.

link 2025 11 25 08 46 20 605 1 THE ASHGABAT TIMES

«Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, gatnaşyjy talyplar muzeý gymmatlyklary boýunça referat ýazdylar.

Bäsleşik Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ol örän täsirli we çekeleşikli geçdi. Oňa gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Şeýlelikde, bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Ýusupowa Aýjemal Hezretmämmedowna mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetweliýewa Orazgül Hydyrmämmedowna II orna mynasyp boldy.

Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar Hormat hatlar bilen sylaglandy.Bäsleşigiň işjeň gatnaşan ýurdumyzyň birnäçe ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň hatarynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň hem hormat haty bilen sylaglanmagy bolsa şol mekdebiň mugallymlary hökmünde biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Bulardan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň sylaglamak dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde ähli tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Tawus ÖRÄÝEWA
Türkmen döwlet medeniýet we sungat
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mobil Aragatnaşyk Operatorlarynyň Hyzmat Bahalaryna We Bäsleşigine Täsir Edýän Faktorlar

mejlis bina THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop