Dark
Light
25.01.2026
babasary ann THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň halk suratkeşine halkara baýrak we 10 müň amerikan dollary gowşuryldy

21.11.2025

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda geçirilen halkara forumda Babasary Annamyradowa milli sungatyň çeperçilik we amaly-haşam ugry boýunça «Geljegiň mirasy» atly halkara baýrak, degişli diplom we 10 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagy gowşuryldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýrak bilen edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlarynda uly üstünlik gazanan ýerli we daşary ýurtly döredijilik işgärleri sylaglanýar. Şeýlelikde, bu ýyl baýraga mynasyp bolanlar:

Edebiýat ugry boýunça ― TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary, Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Sultan Raýew;

Medeniýet ugry boýunça ― Täjigistanyň halk şahyry Dawlat Safarzada;

miras bayrak THE ASHGABAT TIMES

Teatr we kino ugry boýunça ―Gazagystanyň M.Awezow adyndaky Milli drama teatrynyň artisti Ýerkebulan Daýirow;

Saz we tans ugry boýunça ― Azerbaýjanyň halk artisti Alim Gasimow;

Çeperçilik we amaly-haşam ugry boýunça ― Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow;

Ylym, terbiýe we sanly tehnologiýalar ugry boýunça ― Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky halkara merkeziň direktorynyň orunbasary, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Dilfuza Egamberdiýewa.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

photo 2025 11 20 10 54 32 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gazagystan bilen Hytaý «Hytaý – Ýewropa» ýolunda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

photo 2025 11 21 07 13 58 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täjigistanly işewürler Özbegistanda 357 kärhana açdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop