Türkmen diplomatiýasy Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň täsirliligini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, turuwbaşdan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn diplomatiýany ösdürmäge uly üns berip gelýär. Şol bir wagtyň özünde hem biziň diplomatiýamyz öz öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, diplomatik işiň öz mazmuny boýunça çylşyrymlydygyny, görnüşleri we usullary boýunça bolsa köp görnüşlidigini hemişe göz öňünde tutýar. Bu aýratynlyklar ikitaraplaýyn diplomatiýa hem, köptaraplaýyn diplomatiýa hem mahsusdyr.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýanyň arasyndaky aýratynlyklara seretmezden, diplomatiýanyň bu iki görnüşiniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň olary baýlaşdyrýandygyny hem belläp geçeliň. Şu jähetden, ikitaraplaýyn diplomatiýa bilen deňeşdirilende, köptaraplaýyn diplomatiýa özüniň ençeme aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle aýratynlyklar diňe bir diplomatik işini amala aşyrmagyň görnüşinde däl, eýsem, protokol tejribesinde hem bardyr.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar. Türkmen döwletiniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň, tagallalary jebisleşdirmek bilen gatnaşmagy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen oňyn halkara dialogyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugrudyr.
Türkmenistanyň eýeleýän netijeli we işjeň orny dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde belent abraýyny saklamaga hem-de berkitmäge mümkinçilik berýär, ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär. Şunda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň aýratyn halkara derejesi, geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň artykmaçlyklary, örän baý serişdeler kuwwaty, parahatçylyk döredijilik syýasatynda toplan oňyn tejribesi we döwletara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleri gapma-garşylyksyz çözmek ýoluna ygrarlylygy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän öz teklipdir başlangyçlaryny mundan beýläk-de netijeli ilerletmäge mümkinçilik berýän şertlerdir. Şunuň ýaly strategik häsiýetli usullar «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» maksatlarynda, wezipelerinde hem göz öňünde tutulandyr.
Timur ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Harby tehnikalar we awto taýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, maýor.