Düýn, 16-njy noýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Kongres merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde guralan sammite hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar.
Dostlukly ýurtlaryň Liderleri Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan garşylanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda nobatdaky sammit öz işine başlady. Duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşan döwlet Baştutanlary gezekli-gezegine çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýokary derejeli duşuşykda söz sözläp, sebitiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary barada garaýyşlaryny beýan etdi. Sammitiň netijeleri boýunça jemleýji resminamalar kabul edildi.
Ýeri gelende, özbek tarapynyň nobatdaky duşuşygy guramaçylykly geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görendigini nygtamak gerek. Özbegistanyň bu formatda başlyklyk etmeginiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli iri çäreleriň 20-den gowragy geçirildi.
«THE ASHGABAT TIMES».