Dark
Light
15.01.2026
embblem THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi

15.11.2025

Düýn, 14-nji noýarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigini yglan etmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabrynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmäge, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1. malin THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA jemgyýetçilik kadalarynyň gender deňligine täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça konsultatiw duşuşygyny geçirdi

yaslar bayragy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlar baýragynyň eýeleri sylaglanar

Soňkylar Habar

Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna bardy

15.01.2026
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen duşuşyk geçirildi. Kitaphananyň müdiri Laçyn Nurmuhammedowa Eýran Yslam
GitTop