big5 bas THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

28.11.2025

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 24-27-nji noýabry aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we Türkmenistanyň gurluşyk hem-de infrastruktura ulgamyndaky möhüm hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk, inženerçilik we şähergurluşyk guramalaryny birleşdirýän bu forumyň meýdançasynda milli ösüş maksatnamalary, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar görkezildi.

big5 THE ASHGABAT TIMES

Çäräniň ikinji gününde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýew «Türkmenistanda durnukly şäher ösüşi we infrastruktura boýunça döwrebaplaşdyrma strategiýasy» atly tema boýunça çykyş etdi. Ol häzirki zaman, durnukly we ekologiýa taýdan arassa şäher giňişliklerini döretmek baradaky milli strategik garaýşy, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny, pudagyň sanlylaşdyrylmagyny hem-de innowasiýa we energiýa tygşytlaýjy çözgütleriň ornaşdyrylmagy boýunça edilýän tagalalar barada belläp geçdi.

Şeýle-de forumyň çäklerinde BAE-niň Federal infrastruktura we taslamalar boýunça döwlet ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Ýusuf Abdulla Al Ali, DMG events kompaniýasynyň prezidenti Mett Denton, Global Leaders’ Summitiň ýolbaşçysy Brendi Skott hem-de döwlet edaralaryň we halkara gurluşyk hem-de inženerçilik kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Senagat we raýat gurluşygy, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeler, modul tehnologiýalar, sanly infrastruktura, BIM platformalary we möhüm maýa goýum taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dim1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

garagum bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Soňkylar Habar

GitTop