media training 2 THE ASHGABAT TIMES

UNFPA metbugat wekilleri üçin gender meselelerine etiki taýdan dogry çemeleşmek boýunça trening geçirdi

28.11.2025

2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda “Gender zorlugyna garşy 16 işjeňlik güni” kampaniýasynyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy metbugat wekilleri üçin iki günlük ýöriteleşdirilen trening geçirdi. Treningi UNFPA-nyň Halkara bilermeni hanym Marina Dmuhowskaýa alyp bardy.

Çäräniň maksady – žurnalistleriň, bloggerleriň we sanly mazmun döredijileriniň gender meselelerini takyk, duýgur we etika kadalaryna laýyklykda beýan etmek ukybyny güýçlendirmek, şeýle hem jemgyýetde oňyn sosial kadalary öňe sürmäge goşant goşmakdan ybaratdyr. Bu trening 2025-nji ýylyň bütin dünýä kampaniýasynyň mowzugy bolan “Ähli aýal-gyzlara garşy sanly zorlugyň öňüni alalyň” diýen şygar bilen gönüden-göni baglanyşýar.  Metbugatyň giň gerime eýedigi sebäpli olaryň diskriminasiýa kadalaryna garşy göreşmekde we gender zorlugynyň, şol sanda sanly gurşawdaky görnüşleriniň hem öňüni almakda orny örän möhümdir.

media training 1 THE ASHGABAT TIMES

Iki günlük meýilnama interaktiw okuw görnüşinde taýýarlanyldy we giň gerimli temalary öz içine aldy. Gatnaşyjylar gender meselelerini etiki kadalaryna laýyklykda beýan etmegiň esasy ýörelgelerini, zyýanly stereotipleri seljermegi, oňyn we toksiki erkekligiň arasynda  tapawutlylyklara düşünmegi we gender meselelrini dogry sözler bilen beýan etmegiň usullaryny özleşdirdiler.

Treningde gender zorlugy temasyna etikaly çemeleşmäge, «Hiç kime zyýan ýetirmezlik» (Do No Harm) ýörelgesini ulanmaga we gender meselelerini dogry beýan etmek boýunça meýilnamalary taýýarlamaga aýratyn üns berildi.  Geçirilen trening metbugat wekillerine öz işlerine adam hukuklaryna we etiki ýörelgelere laýyklykda çemeleşmegi üpjün etmek üçin zerur bolan bilimleri we amaly gurallary ulgamlaýyn görnüşde ýetirmegi maksat edindi.

Marina Dmuhowskaýa Media, aragatnaşyk we žurnalistika ugrundan Filosofiýa ylymlarynyň doktory (PhD) derejesine eýedir. Onuň ylmy işi halkara metbugatyndaky zyýanly gender stereotiplerine gönükdirilendir. Ol 8 ýyldan gowyrak tejribesi bolan mediýa tälimçisi bolup, dürli ugurlar boýunça giň halkara iş tejribesine eýedir. Onuň tälimçilik işine Edward R. Murrow maksatnamasy üçin «inklýuziw beýan» boýunça okuwlary geçirmek hem-de sport žurnalistikasynda gender stereotiplerine garşy göreşmek maksady bilen Halkara Biatlon Bileleşigine niýetlenen ýöriteleşdirilen treningleri alyp barmak ýaly möhüm taslamalar girýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
parahatcylyk bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

bas 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar (foto)

Soňkylar Habar

GitTop