Dark
Light
25.01.2026
wagt 22 THE ASHGABAT TIMES

Wagtymyzy nämelere sarp etmeli?!

09.11.2025

Durmuş dowam edýär, wagt geçýär. Gyzyldan gymmatly wagtymyzy tygşytly peýdalanmak, ony peýdaly zatlara harçlamak ynsanyň esasy üns merkezinde saklanmaly meseleleriň biridir. Bu ýagdaý, esasan hem, ýaş nesiller babatda has-da zerurdyr. Aslynda, wagty nämelere sarp etmeli?

Zähmet çekmäge wagt tapyň!

Işlemegiň soňy üstünlikdir, zähmetiň soňy rehnetdir. Döredijilikli hem-de yhlasly işlemek ýokary basgançaklara çykmagyň serişdesidir.

Okamak üçin wagt tapyň!

Ylym-bilimiň düýp özeni okamakdyr. Okamak arkaly ynsanyň ruhy dünýäsi baýlaşýar, dünýägaraýşy giňeýär, sözleýiş medeniýeti hem kämilleşýär.

Dostluk üçin wagt tapyň!

Ol wepadarlygyň, gowy gatnaşyklaryň, kyn günüňde ýardam-goldawyň gözbaşydyr. Dostlukly gatnaşyklary saklamak birek-birege ynanyşmagyň, parahatçylygyň gözbaşydyr.

Söýgi hem-de mähir üçin wagt tapyň!

Bu gözel duýgular durmuşyň ynsana eçilen soňsuz baýlygydyr, bahasyna ýetip bolmajak peşgeşidir.

Şatlanmak üçin wagt tapyň!

Durmuşyň çarkandakly ýollaryndan üstünlikli geçmegiň, kynçylykly pursatlaryndan baş alyp çykmagyň, ruhubelent ýaşamagyň açarydyr. Şadyýan hem-de ruhubelent ýaşamak bolsa sagdyn ýaşaýşyň bölegidir.

Saglyk üçin wagt tapyň

Saglyk – bu ynsanyň depesindäki altyn täçdir. Ol ähli zadyň sakasydyr. Saglygyň gadryny hassa bolmazdan öň bilmek gerek, onuň üçinem sport bilen meşgullanmaklyga wagt tapmak gerek.

Maşgalaňyz üçin wagt tapyň!

Maşgala – bu biziň ýeke-täk çyn dostumyzdyr, daşymyzdaky galamyzdyr. Maşgala bizi durmuşyň islendik agyr pursatynda, kynçylykly ýagdaýlarda hem ýalňyz goýmajak kiçijik özboluşly döwletdir.

Pikirlenmek üçin wagt tapyň!

Oýlanmak – bu islendik işiň başlangyjydyr. Oýlanyşykly, pikirlenip ýerine ýetirilen her bir iş hökman degerli netije hem berýändir. Il arasynda “ýedi ölçäp, bir kes” diýlip ýönelige aýdylmaýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hasyl toyy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hasyl toýy – halkyň toýy

voshod v lesu THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Agaçlar hem gürleşýärmi?

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop