Dark
Light
26.12.2025
diplomatiya THE ASHGABAT TIMES

Ýaşasyn parahat durmuş!

26.11.2025

Üçünji müňýyllyk adamzat durmuşyny bütinleý özgertdi. Külli ynsanyň bagtyýar durmuş baradaky röwşen arzuw-umytlarynyň ählisi parahatçylyk we bitaraplyk diýen mukaddes düşünjelerde öz beýanyny tapdy. Çünki parahatçylyk her ýüregiň, her ojagyň, her döwrüň, döwletiň küýsegi. Şoňa görä-de, parahatçylygyň beýik taglymatçysy Milli Liderimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» goşgularynda hem halkymyzyň ýagşy niýetleri, oňyn meýilleri, ynsanperwerlige ýugrulan däpleri, päk niýetleri öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň: «Parahatçylyk, munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr» diýip belleýşi ýaly, adamzadyň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýan ýerinde parahatlyk, asudalyk bolýar. Bu gymmatlyklar bolsa birek-birege ýürekdeşlik, ynanyşmak duýgusyndan döreýär. Şeýle ýörelge Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň nyşanynda hem öz beýanyny tapýar. Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana uzaýan derek agajy, ýurdumyzyň Döwlet baýdagy, şeýle-de BMG-niň baýdagy, bir ganaty Garaşsyzlygymyzy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, beýleki ganaty bolsa hemişelik Bitaraplygymyzy alamatlandyrýan gök reňkde bolan ak laçyn guşy, parahatçylygy aňladýan zeýtun baldajygy şanly ýylymyzyň nyşanyna çuň manyly öwüşgin berýär.

Gahryman Arkadagymyz 6-njy noýabrda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Çünki arahatçylyk — bu düşünje giň we çuň. Ol umumadamzat dowamlylygynyň nyşany. Ol — howanyň arassalygy, suwlaryň durulygy, asmanyň açyklygy, öýleriň abatlygy, şäherleriň abadançylygy, ýurtlaryň dostlugy. Ol — Zeminiň demi we bezegi. Parahatçylyk — sazlaşyk, ösüş, ýeňiş, ýagtylyk.

Goý, owadan dünýämiz hemişe parahat bolsun! Asmanymyz päkize bolup, çaga gülküleri dünýämizi bezesin! Ýaşyl maýsalaryň ygşyldysy bark urýan gülleriň hoşboý ysy ýurt parahatlygyny äleme jar etsin! «Dünýä dursun parahat!» diýip gürsüldeýän ýürekleriň arzuwlary hemişe wysal bolsun! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar Watanymyzda baky bagtyýarlygyň höküm sürmegi, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de eşretli durmuşda ýaşamagymyz ugrunda durmuşa geçirýän döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!

Ogulbagt KAŞAŇOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazak orden THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň «Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglanyldy

oguz han film THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen filmleri «Göwher kebelek» kino baýragy ugrunda bäsleşerler

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop